744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
13.04.2026
Gahryman Arkadagymyz we UNIDO-nyň Baş direktory senagat we howa boýunça meseleleri maslahatlaşdylar

Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Gerd Müller bilen hem duşuşdy.

Gerd Müller Energetika we howa boýunça halkara Wena forumynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň energetika diplomatiýasyny ösdürmäge goşýan şahsy goşandy we BMG-niň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça başlangyçlaryny yzygiderli goldamagy halkara jemgyýetçiligiň uly hormatyna mynasyp bolýar.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan UNIDO-nyň goldaw bermeginde amala aşyrylýan taslamalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berýär.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň haly senagatyny ösdürmäge, dokma önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna eksportyny giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlaryň yzygiderli ilerlediljekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de ýurdumyz Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde tehniki hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär.

Gerd Müller Arkadag şäheriniň çäklerinde lukmançylyk klasteriniň döredilmeginiň saglygy goraýyş ulgamyna ýokary tehnologiýalaryň, senagat mümkinçilikleriniň üstünlikli ornaşdyrylmagynyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belläp, bu giň möçberli taslamanyň Gahryman Arkadagymyzyň lukmançylyk ulgamyndaky köpýyllyk tejribesine daýanýandygyny nygtady.

Söhbetdeşler howanyň üýtgemegi boýunça gün tertibiniň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Milli Liderimiz ýurdumyzyň “ýaşyl” senagat geçişi we howanyň üýtgemegine garşy hereketler ulgamynda Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasynda hyzmatdaşlygyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin “Ýol kartasyny” işläp düzmek we durmuşa geçirmek mümkinçiligine seretmäge taýýardygyny tassyklady. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň bu babatda sebit derejesinde ileri tutýan başlangyçlaryna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy ekoulgamlary dikeltmekde, sebitiň ekologik taýdan durnuklylygyny pugtalandyrmakda tagallalary utgaşdyrmagyň netijeli mehanizmini emele getirmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda Hazar deňziniň özboluşly ekoulgamyny gorap saklamak boýunça halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen Hazar ekologik başlangyjyny ilerletmäge aýratyn üns berilýär. Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny amala aşyrýar.

Gerd Müller ýurdumyzyň başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belläp, UNIDO-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga strategik taýdan ähmiýetli we uzak möhletli geljege gönükdirilen gatnaşyklar hökmünde garaýandygyny nygtady.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi