744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
13.04.2026
Türkmenistan bilen AEHA-nyň hyzmatdaşlygynyň 2026-2030-njy ýyllar üçin maksatnamasy taýýarlanar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) Baş direktory Rafael Grossi bilen hem duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin tehniki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlejek ýurt boýunça täze Çarçuwaly maksatnamany taýýarlamak meselelerine garaldy. Bellenilişi ýaly, bu resminama ýadro lukmançylygynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen geljegi uly taslamalary amala aşyrmakda ygtybarly binýat bolar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama gol çekilmeginiň we ýurdumyzyň agentlige agza bolmagynyň şanly seneleri bilen baglylykda Aşgabatda ýokary derejedäki sebit forumyny guramagy teklip etdi.

Duşuşygyň dowamynda halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada-da pikir alşyldy. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, dünýäde durnuklylygyň we parahatçylygyň tarapdary bolup çykyş edýändigini aýtdy.

Şeýle-de duşuşykda soňky ýyllarda özara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyna üns çekildi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň atom energiýasyny diňe parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak ugrunda çykyş edýändigini belledi. Şunda saglygy goraýyş ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Agentligiň goldaw bermeginde ýurdumyzda keselleri anyklamagyň we bejermegiň döwrebap usullary ornaşdyrylýar. Hususan-da, halkara bilermenleriň maslahatlary Türkmenistanyň ugurdaş edaralarynda howply kesellere garşy göreşmek ulgamyny kämilleşdirmäge, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berdi.

Rafael Grossi Atom energiýasy boýunça halkara agentlikde Türkmenistanyň atom energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak ýörelgelerine ygrarlydygyna ýokary baha berilýändigini, ýurdumyzyň energetika we ekologik howpsuzlygy pugtalandyrmak ulgamynda öňdengörüjilikli syýasatynyň, halkara başlangyçlarynyň goldanylýandygyny nygtady.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi