744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
13.04.2026
Gurbanguly Berdimuhamedow: «Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny syýasylaşdyrmazlyga çagyrýar»

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy we onda çykyş etdi. Forumyň gün tertibine “ýaşyl” ykdysadyýete geçmegiň mümkinçilikleri, häzirki geosyýasy şertlerde energetika howpsuzlygy we dekarbonizasiýa bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Milli Liderimiz çykyşynda Türkmenistanyň bu meseleler bilen bagly garaýyşlarydyr tagallalaryny, tekliplerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy forumyň giň wekilçilikli düzüminiň dünýä ýurtlarynyň howa we energetika gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmäge uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýändigini belläp, döwletimiziň halkara bileleşigiň işjeň agzasy bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly energetika, daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli we uzak möhletleýin strategiýalarynyň, maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine öz goşandyny goşýandygyny nygtady.

“Uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän, energiýa serişdelerini öndüriji we eksport ediji ýurt hökmünde Türkmenistan bu ulgamda özara bähbitli hem-de köptaraplaýyn deňhukukly hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly syýasy, halkara hukuk we beýleki şertlerdir kepillikleri döretmek maksady bilen, jogapkärçilikli, yzygiderli syýasaty alyp barýar” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we ýurdumyzyň ozal toplanan tejribä, häzirki ýagdaýlaryň seljermesine esaslanyp, energetika hyzmatdaşlygyny durnuklylaşdyrmaga, oýlanyşykly, öňdengörüjilikli dialoga geçmäge gönükdirilen birnäçe tekliplerini beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça ozal öňe süren başlangyjyna ýene-de bir gezek ünsi çekýär. Howpsuzlygyň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşygy bu strategiýanyň esasy özeni bolup durýar. Şolaryň hatarynda energetika howpsuzlygy wajyp ugurlaryň biri bolup çykyş edýär.

“Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny syýasylaşdyrmazlyga çagyrýar. Syýasy şertleriň öňe sürülmeginiň durnukly ösüşi haýalladýandygy we elbetde, onuň ykdysady maksadalaýyklyk bilen hiç bir umumylygynyň ýokdugy barada aýtmak artykmaç bolsa gerek” diýip, Milli Liderimiz nygtady we Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda energetika ulgamyndaky gatnaşyklary syýasylaşdyrmazlygy beýan edýän Energetika kodeksini işläp taýýarlamak meselesine seretmegi teklip edýändigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz energetika ulgamynda ählumumy hyzmatdaşlygy täze ýörelgeler esasynda ýola goýmaga gönükdirilen, şol sanda energiýa serişdelerini öndürmek, üstaşyr geçirmek we sarp etmek meselelerini kadalaşdyrýan BMG-niň köpugurly halkara hukuk resminamasyny döretmek barada ýurdumyzyň teklibini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça tagallalary birleşdirmegi teklip etdi. Bu ugurda Türkmenistan agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda energiýa serişdelerini ygtybarly ibermek barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň üç Kararnamasynyň awtory bolup çykyş etdi. Bu ugurdaky işi ösdürmek bilen, ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär.

“Energiýa serişdelerine erkin, durnukly we deňhukukly elýeterliligi üpjün etmäge çagyrýarys. Munuň özi artykmaçlyk bolman, eýsem, syýasy gurluşyna, ykdysady mümkinçiliklerine, geosyýasy ýagdaýlara garamazdan, her bir halkyň we döwletiň tebigy hem-de kanuny hukugydyr” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Bellenilişi ýaly, 20 ýyla golaý wagt mundan ozal Türkmenistan energetika howpsuzlygy boýunça giň köptaraplaýyn dialogy ýola goýmak başlangyjyny ilkinji gezek öňe sürmek bilen, halkara hukuk binýadyna esaslanyp, bu prosesi yzygiderli we uzak möhletli esasda alyp barmak zerurlygyndan ugur aldy. Şondan bäri geçen wagt ýurdumyzyň çemeleşmeleriniň dogrudygyny hem-de esaslandyrylandygyny görkezdi.

“Biziň bu günki tekliplerimiz anyk netijelere gönükdirilen tekliplerdir” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi we türkmen tarapynyň bu teklipler boýunça ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýakyn hyzmatdaşlyga açykdygyny we BMG-de degişli geňeşmelerdir gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Milli Liderimiz çykyşynda Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi meselesine hem şeýle netijeli çemeleşýändigini belledi.

“Türkmenistanda tebigy gazyň esasynda wodorod energetikasyny ösdürip başlamaga girişmek arkaly bu ugurda ähli gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlar bilen giňden işleşmäge taýýardyrys. Şunuň bilen baglylykda, 10 ýyllyk döwür üçin wodorod energetikasyna geçmek boýunça ählumumy Maksatnamany döretmek başlangyjyny teklip edýäris we biz BMG bilen şeýle resminamany işläp taýýarlamagy ara alyp maslahatlaşmaga açykdyrys” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi