744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
13.04.2026
“Türkmennebit” döwlet konserniniň önümi ýerli işewürlere ýerlenildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 11-nji aprelde geçirilen söwdalaşyklarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerine içerki bazarda isleg bildirildi.

Has takygy, içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP Z 30 G” kysymly polipropileni satyn aldylar.

Daşarky bazarda Azerbaýjanyň telekeçileri ýerli işewürlerden nah ýüplügi satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 4 million 400 müň manada we 266 müň 640 amerikan dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy