Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 13-nji aprelde geçirilen birža söwdalarynda ýurdumyzyň nebithimiýa senagatynyň önümlerine Özbegistanyň telekeçileri isleg bildirdiler.
Has takygy, daşarky bazarda özbek işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-600” kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar. Şeýle-de Türkiýäniň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden tehniki kükürt kislotasyny, ýerli işewürlerden nah ýüplügi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 26 million 622 müň 240 amerikan dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.