744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
14.04.2026
Döwlet Baştutanymyz «Turkmentravel — 2026» forumyna gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahat öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda guralýan bu halkara forumyň syýahatçylyk pudagynda möhüm ähmiýetli waka öwrüljekdigine berk ynanýaryn», — diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynyň başynda nygtaýar.

Gutlagda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynda alnyp barylýan giň gerimli işler barha rowaçlanýar. Bitarap Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasy, daşary ýurtlaryň syýahatçylyk kärhanalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk pudagyň ösüşinde täze mümkinçilikleri açýar.

Aşgabatda syýahatçylyk sergisiniň we maslahatyň geçirilmegi bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň binýadynyň has-da berkidilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Sergä Türkmenistanyň we dünýä döwletleriniň syýahatçylyk kärhanalarynyň gatnaşmagy özara tejribe alyşmaga, birek-biregi alnyp barylýan işler, täze taslamalar bilen ýakyndan tanyşdyrmaga uly ýardam berer. Halkara maslahatyň dowamynda geçiriljek iş duşuşyklary, okuw we ylmy-amaly maslahatlar, syýahatçylyk gezelençleri bu çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrar.

«Häzirki döwürde ýurdumyzda halkara syýahatçylygyň baý tejribesi ornaşdyrylan, hukuk, ykdysady, durmuş esaslary döwrebaplaşdyrylan milli syýahatçylyk pudagy kemala geldi. Bu ugurda halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi pudagy döwrebaplaşdyrmakda, ugurdaş düzümler bilen gatnaşyklary ösdürmekde örän ähmiýetlidir», — diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär.

Döwlet Baştutanymyzyň beýan edişi ýaly, ýurdumyzyň «Gadymy Merw», «Nusaý», «Köneürgenç» ýaly döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň ýadygärlikleri, şeýle hem «Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly döwletara taslamanyň çäginde Beýik Ýüpek ýolunyň Amul — Merw şahasy, «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalary, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda orun aldy. Bu ýerler özüniň örän irki asyrlara degişli gadymy ýadygärlikleri we täsin tebigaty bilen dünýä syýahatçylygynda giňden meşhurdyr.

«Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň sanawyna girizilen Aşgabat, ajaýyp binalary bilen haýran galdyrýan Arkadag şäherleri, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, Garagum sährasynyň hem-de Köýtendagyň tebigy täsinlikleri ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň geljeginiň uludygyna doly güwä geçýär. Şeýle halkara sergileriň we maslahatlaryň geçirilmegi Garaşsyz ýurdumyzyň taryhy-medeni, tebigy ýadygärliklerini, gözel ýerlerini mahabatlandyrmakda hem-de olara daşary ýurtly syýahatçylary çekmekde möhüm ähmiýete eýedir», — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda nygtaýar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi