Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji aprelde wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Hasabatlarda pile öndürmek boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler, howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatlaryň çägindäki öri we ekin meýdanlarynda, tokaý-seýilgäh zolaklarynda ýangynyň döremegine garşy arassaçylyk we sürüm işleriniň ýerine ýetirilýändigi barada hem aýdyldy.
Şeýle-de häkimler şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, dowam edýän agrotehniki çäreleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmegini, bugdaýa we ýazlyk ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz häkimlere welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer Taňryguly Atahallyýew hem ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde oba hojalyk pudagynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we pudagy durnukly ösdürmek üçin ekerançylykda agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, önümçilige öňdebaryjy tejribäniň, ylmy taýdan esaslandyrylan innowasion çemeleşmeleriň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmeginiň, bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi we bu ugurdaky işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.