744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
15.04.2026
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde internet olimpiadasy geçirildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda matematika, himiýa, informatika dersleri boýunça “moodle” platformasynda (https://ticit.edu.tm/) şahsy bäsleşik görnüşinde internet olimpiadasy geçirildi.

Ýurdumyzyň orta okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň olimpiada gatnaşmaga isleg bildirenleriniň arasynda himiýa dersinden etrap, welaýat we döwlet derejesinde geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolanlary hem bar.

Bäsleşikde okuwçylaryň jemi 744-si hasaba alyndy. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň özünde işlenip düzülen milli programma üpjünçiliginiň kömegi bilen okuwçylaryň toplan ballary boýunça jemi 189 sany şahsy ýeňijiler kesgitlendi. Bu okuwçylar bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde olimpiadanyň ikinji tapgyry 25-nji aprelde geçiriler.

 

Çeşme: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti