Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mart aýynda Hytaýa amala aşyran dostluk sapary gazanylan bilelikdäki üstünliklere baha bermegiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi bermegiň, geljegi uly ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek boýunça anyk ädimleri kesgitlemegiň möhüm pursadyna öwrüldi. Şonda geçirilen gepleşiklerde hytaý tarapynyň ylym, bilim we beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, ýakyn wagtda Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasyny», Adaty hytaý lukmançylyk merkezini açmak bilen bagly taslamalaryň amala aşyrylmagyna, intellektual eýeçilik, atçylyk, oba hojalygy, «ýaşyl» energetika ýaly ulgamlarda tejribe alyşmaga taýýardygy tassyklanyldy.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň — Sian nebit uniwersitetiniň hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, şeýle hem Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň we Bilim ulgamynda halkara alyşmalar boýunça assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasyny» döretmek ugrunda möhüm ädim boldy. Ähtnama laýyklykda, Türkmenistanda degişli merkeziň döredilmegi diňe bir täze bilim giňişligini açmak bilen çäklenmän, eýsem, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen okuw gurşawyny döretmekde hem möhüm orun eýeleýär. Şeýle hem bu başlangyç ýaşlaryň hünär taýýarlygyny halkara derejä çykarmaga, olaryň tejribelerini we amaly başarnyklaryny ösdürmäge giň mümkinçilikleri döreder.
Hytaýly hünärmenler Türkmenistandaky «Lu Ban ussahanasynyň» geologiýa tejribehanasynyň häzirki zaman barlaghana enjamlary we maglumat tehnologiýalarynyň sanly serişdeleri boýunça uniwersitetiň professor-mugallymlary üçin hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler. Olaryň dowamynda barlaghana enjamlarynyň ulanylyşy, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, kompýuter otaglarynda peýdalanylýan programma üpjünçilikleri hem-de sanly bilim serişdeleri giňişleýin öwredildi. Şeýle hem okuwlaryň çäklerinde amaly sapaklar geçilip, täze enjamlar bilen işlemek, olaryň tehniki mümkinçiliklerini doly peýdalanmak boýunça hünär başarnyklary kämilleşdirildi.
Şeýle-de degişli hünärmenler barlaghana otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy, howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişi, okuw prosesine innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy boýunça düşündiriş işlerini alyp bardylar. Bu bolsa geljekde talyplaryň döwrebap şertlerde bilim almagyna, olaryň nazary bilimlerini amaly taýdan berkitmegine uly mümkinçilik döreder.
Ähtnamanyň çäklerinde Türkmenistandaky «Lu Ban ussahanasyny» dabaraly ýagdaýda açmak we onuň netijeli işini ýola goýmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, golaýda degişli ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde ýerleşýän ussahananyň bezeg işleri, açylyş dabarasy, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, geljekki meýilnamalar, şeýle hem taýýarlanylýan taslamalaryň ýerine ýetiriliş derejesi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Uniwersitetiň hünärmenleri Hytaý Halk Respublikasynyň hünärmenleri bilen bilelikde «Lu Ban ussahanasynyň» taslama we gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirdiler. Ussahanada «Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi» hem-de «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)» bakalawr taýýarlyk ugurlary boýunça nebitgaz we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin ýokary derejeli ýaş hünärmenler taýýarlanylar, şeýle hem professor-mugallymlaryň we Hytaýyň Türkmenistanda işleýän hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyryş okuwlary geçiler. Bu ýerde ýurdumyzyň we Hytaýyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary tomusky okuw-önümçilik tejribeliklerini geçerler. Bu işleri amala aşyrmak üçin «Lu Ban ussahanasynda» geologiýa ugry boýunça 2 sany tejribehana otagy, 4 sany maglumat tehnologiýalary otagy, şeýle hem serwer, kiçi mejlisler, mugallymlar otaglary göz öňünde tutulan.
Golaýda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek barada Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Hytaýyň Nebit uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda-da sanly ulgam arkaly iş maslahaty geçirildi. Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Hytaýyň Nebit uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi. Bu möhüm resminama iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga, şeýle hem nebitgaz we energetika ugurlarynda bilim alyşmalaryny giňeltmäge gönükdirilendir. Ähtnamanyň çäklerinde Hytaýyň Bilim ministrliginiň Hytaý daşary ýurt dilleri alyşmalar we hyzmatdaşlyk merkezi, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti hem-de Hytaýyň Nebit uniwersiteti bilen bilelikdäki Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek baradaky Ylalaşyk taýýarlanyldy. Uniwersitetimizde bu merkeziň döredilmegi iki ýurduň arasynda ylym-bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmekde, tejribe alyşmakda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Geçirilen maslahatyň dowamynda Türkmen-hytaý energetika okuw merkezinde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, professor-mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselesine aýratyn üns berildi. Hususan-da, Türkmenistanyň nebitgaz we energetika pudaklary üçin wajyp hasaplanýan «Nebitgaz inženerligi» we «Himiýa inženerligi» taýýarlyk ugurlary boýunça ýokary derejeli bakalawrlary, magistrleri taýýarlamak meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki tarap hem bu ugurlar boýunça döwrebap okuw meýilnamalaryny işläp taýýarlamakda özara tejribelerini paýlaşdylar we degişli meýilnamalar kabul edildi.
Ylalaşygyň taslamasy boýunça seljermeler geçirilip, onuň hukuk we guramaçylyk esaslary has-da kämilleşdirildi. Netijede, ähli esasy meseleler boýunça özara düşünişilip, degişli kararlar kabul edildi.
Bu hyzmatdaşlyk taslamasy diňe bir bilim ulgamynda däl, eýsem, ylmy-tehnologik ösüşde hem uly mümkinçilikleri açyp, Türkmenistanyň nebitgaz we energetika pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ädim bolar.
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti