744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
15.04.2026
Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda taryhy ähmiýetli waka bolar

Türkmenistanda ýakyn günlerde “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga bermek dabarasy geçiriler. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasynda eden çykyşynda aýtdy.

Ýolöten etrabynda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga bermek dabarasy "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany" ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň biri bolar. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň binýatlyk pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny ösdürmekde nobatdaky möhüm ädimdir.

Belläp geçsek, Hytaýyň "Sinhua" agentliginiň habar bermegine görä, agzalan dabara, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisine we beýleki birnäçe ugurdaş çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň çakylygy boýunça Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky hytaý wekiliýeti 15-nji aprelden 17-nji aprele çenli ýurdumyzda saparda bolar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi