«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem ýaş nesle döwrebap bilim bermek we hünär öwretmek babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Orta hünär okuw mekdebinde 1 müň 300-den gowrak talyba nebitgaz, himiýa, elektrik we beýleki tehniki ugurlar boýunça hünärleriň 20-den gowragy öwredilýär. Mekdepde doly derejede görkezme esbaplary, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen üpjün edilen 50 sany synp otagy, himiýa we fizika barlaghanalary, lukmançylyk otagy hem-de beýlekiler hereket edýär. Şeýle hem mekdebiň web saýty, içerki bilim portaly we elektron kitaphanasy talyplaryň häzirki döwrüň öňdebaryjy tejribelerini maksadalaýyk özleşdirmeklerine ýardam berýär. Wirtual äýnekleriň kömegi bilen, okuw mekdebiniň içine syýahat etmek boýunça programma üpjünçiligi talyplaryň sanly dünýä aralaşmaklary üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda bu ulgamy okuw we okuw-önümçilik işlerine ornaşdyrmak boýunça hem taslamalar taýýarlanylýar.
Balkan welaýatynda nebitgaz senagaty iň ösen önümçilik pudaklarynyň biridir. Şoňa görä-de, nebitgaz ýataklarynda uglewodorod çig malyny gazyp almakda we özleşdirmekde zerur bolan ökde hünärmenleri taýýarlamakda Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň orny uludyr. Mekdebiň mugallymlarynyň belleýşi ýaly, bu ýerde talyplara berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmak, onuň düzümine okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini iş üstünde — nebitgaz ýataklarynda berkidýärler. Munuň özi olaryň geljekde saýlan käriniň ussatlary bolup ýetişmeklerinde örän ähmiýetlidir.
Mekdebiň resmi web saýty hem döredilip, onuň kömegi bilen mugallymlar we talyplar özlerine gerek bolan islendik kitapdyr gollanmalardan, ylmy we publisistik makalalardan peýdalanyp bilýärler. Häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşy barha kämilleşdirilýän mekdepde wirtual äýnekler, elektron okuw-görkezme esbaplary, wideo we audio ýazgylary talyplara okuw işinde ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti