744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
16.04.2026
Hormatly Prezidentimiz Koreýa Respublikasynyň Aşgabatdaky täze ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 15-nji aprelde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonjeni kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşykda dostlukly döwletiň Türkmenistan bilen ýola goýlan ynanyşykly gatnaşyklara ýokary baha berýändigi bellenildi. Ilçi mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonuň döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de işinde oňa uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň sentýabrynda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, bu forumyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary köptaraplaýyn esasda ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Diplomat giň gerimli senagat taslamalaryny amala aşyrmakda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm ähmiýetini belläp, koreý kompaniýalaryna Türkmenistanda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halklary ýakynlaşdyrmakda we medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň uly orny nygtaldy.

Ilçi Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi