744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
16.04.2026
Türkmenistan Italiýa bilen ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 15-nji aprelde Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brugy kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşykda ilçi Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ol Aşgabadyň binagärlik keşbiniň, ekologik derejesiniň özünde uly täsirleri galdyrandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ilçä işinde üstünlikleri arzuwlap, dostlukly ýurduň Prezidentine mähirli salamyny beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýändigi bellenildi. Bu ugurda öňdebaryjy italýan kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Taraplar “Eni” italýan kompaniýasy bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyga ünsi çekdiler. Bu kompaniýanyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýändigi bellenildi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibi boýunça pikir alyşmagyň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, oba hojalygy ýaly ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar.

Ulag-logistika ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Degişli ulag geçelgeleriniň Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly köpri bolup hyzmat edýändigi aýdyldy.

Medeniýet, bilim, ylym ulgamlary hem türkmen-italýan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Diplomat Italiýada Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny belläp, ilçi hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi