744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
16.04.2026
Gurbanguly Berdimuhamedow we Din Sýuesýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň giň ugurlaryny maslahatlaşdylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji aprelde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alşyldy.

Söhbetdeşler türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ugurlaryň giň gerimini, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat, tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýandygyny bellediler.

Duşuşykda ýangyç-energetika pudagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, türkmen mawy ýangyjynyň Hytaýa iberilmegini üpjün edýän gaz geçirijini gurmak boýunça amala aşyrylan bilelikdäki taslama bu hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir.

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken resminamasyna laýyklykda, Hytaýyň “CNPC” korporasiýasy bilen bilelikde “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmäge girişiler. Şunuň bilen baglylykda, Din Sýuesýan Türkmenistanda hytaý kompaniýalarynyň netijeli iş alyp barmaklaryna döredilýän amatly maýa goýum şertleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Hytaý bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi