Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 16-njy aprelde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi.
Duşuşykda myhman Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň giň ugurlary, şol sanda ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim ulgamlaryny öz içine alýandygy aýdyldy. Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugurdyr. Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyny giňden bellemegi bu ugruň strategik ähmiýete eýedigini tassyklaýar.
"Biz Mary welaýatynda "Galkynyş" gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berýäris. Bu ugurdaky üstünlikler ýokary derejede syýasy dialogyň işjeň alnyp barylmagy bilen baglydyr" diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary strategik hyzmatdaşlygyň umumy abadançylygyň bähbidine ugurlaryň giň gerimi boýunça mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.