744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
17.04.2026
Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Lu Ban ussahanasy» açyldy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Lu Ban ussahanasynyň» açylyş dabarasy boldy. 16-njy aprelde geçirilen dabara şu günler ýurdumyzda saparda bolýan Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary hem gatnaşdylar.

Toý bagy dabaraly ýagdaýda kesilenden soňra, çärä gatnaşyjy myhmanlar desganyň içine girdiler we ussahananyň 1-nji geologiýa tejribehanasy, 1-nji maglumat tehnologiýalary otagy bilen tanyşdylar.

Ussahanada «Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi» hem-de «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)» bakalawr taýýarlyk ugurlary boýunça nebitgaz we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralary üçin ýokary derejeli ýaş hünärmenler taýýarlanylar. Şeýle hem professor-mugallymlaryň we Hytaýyň Türkmenistanda işleýän hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyryş okuwlary geçiler. Bu ýerde ýurdumyzyň we Hytaýyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary tomusky okuw-önümçilik tejribeliklerini geçerler. Bu işleri amala aşyrmak üçin «Lu Ban ussahanasynda» geologiýa ugry boýunça 2 sany tejribehana otagy, 4 sany maglumat tehnologiýalary otagy, şeýle hem serwer, kiçi mejlisler, mugallymlar otaglary göz öňünde tutuldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi