744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.04.2026
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselä garaldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 18-nji aprelde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunda 11-nji aprelde geçirilen Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahatynyň netijeleri, ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda milli Parlamentde alnyp barylýan işler, daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen parlamentara hyzmatdaşlyga degişli wakalar barada hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz döwrüň talap edýän täze kanun taslamalaryny taýýarlamak we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegiň wajypdygyny aýtdy.

Soňra wise-premýerler­ gözegçilik e­dýän ulgamlarynda aln­yp barylýan işler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, öňde boljak­ çäreler we olara görülýän taýýarlyk işleri barad­a hasabatlary berdile­r.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlar­y diňläp, garamagyna hödürlenilen teklipleri makullady we d­egişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Şol sanda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekip, hormatly Prezidentimiz wise-premýer Guwanç Agajanowa degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi