Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 15-16-njy aprelde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda informatika boýunça IV Halkara açyk internet olimpiadasy geçirildi. Oňa 16 ýurduň 57 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 793 talyp gatnaşdy.
Germaniýa, Rumyniýa, Malaýziýa, Gruziýa, Hytaý, Russiýa, Belarus, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Ermenistan, Saud Arabystany, Liwiýa, Özbegistan, Täjigistan ýaly ýurtlardan jemi 404 talyp olimpiada onlaýn görnüşinde gatnaşdy.
Olimpiadada Gazagystan Respublikasynyň K.I.Satbaýew adyndaky Milli gözleg-tehniki uniwersitetiniň, Özbegistan Respublikasynyň Buhara döwlet uniwersitetiniň, Belarus Respublikasynyň Ýefrosiniýa Poloskaýa adyndaky Polosk döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary aýratyn tapawutlanyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Olimpiadanyň şahsy ýeňijileri bolan talyplar hem-de toparlaýyn bäsleşigiň ýeňijileri Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlary bilen sylaglandy.