744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.04.2026
Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek baradaky Karara gol çekdi

Türkmenistanda «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasy dörediler. «Türkmengaz» döwlet konsernine garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän bu kärhanany bellenen tertipde döretmek hem-de onuň Tertipnamasynyň taslamasyny taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 18-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi