744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.04.2026
Türkmenistanyň nebitgazçylarynyň adyndan hoşallyk bildirildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 18-nji aprelde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Wise-premýer Guwanç Agajanow Hökümet mejlisindäki hasabatynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga berlendigini aýdyp, hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize nebitgaz toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserni bu tapgyryň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak we doly taýýar edip gurmak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «СNPС Amudarya Petroleum Сompany Ltd.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy.

Hasabatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Kararyň taslamasy barada hem aýdyldy. Wise-premýer, bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de taslamanyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmek we potratçy bilen işleri utgaşykly alyp barmak, şeýle hem desgany doly işe girizmek, geljekde ony dolandyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şol Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmeginiň taryhy waka bolandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi