744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
20.04.2026
Birža söwdalarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümine özbek işewürleri isleg bildirdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si baglaşyldy. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümini satyn almak bilen baglyk geleşik hem hasaba alyndy.

Has takygy, daşarky bazarda Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar. Şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hindistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük we nah mata, ýarym taýýarlanylan mytgal matasy, boýalan we basylan satin matasy, buýan köküniň ekstrakty, pagta soapstogynyň distillirlenmedik ýagly turşulygy, çagalara niýetlenen jins önümleri, boýalan tüýjümek önümler, bugdaý uny ýerlenildi.

Içerki bazarda bolsa ýurdumyzyň telekeçileri pagta süýümini, çig ýüpegi, nah ýüplügi satyn aldylar.

 

Çeşme: "Türkmenistan" gazeti