Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji aprelde obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Hasabatlarda pile öndürmek möwsümini üstünlikli tamamlamak üçin görülýän çäreler, howanyň gyzmagy bilen baglylykda, welaýatlaryň çägindäki öri we ekin meýdanlarynda, dag eteklerinde, tokaý-seýilgäh zolaklarynda, awtomobil, demir ýollaryň gyralarynda ýangynyň döremegine garşy geçirilýän arassaçylyk işleri barada hem aýdyldy.
Häkimler şeýle-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, häkimlere gowaça ekişini ýokary hilli geçirmek we öz wagtynda tamamlamak, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alyp barmak, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer Taňryguly Atahallyýew hem ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ekerançylyk meýdanlaryndaky işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekişiniň öz wagtynda geçirilmeginiň, bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara laýyklykda alnyp barylmagynyň möhümdigini aýtdy we bu işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak üçin ýangyn howpsuzlygy kadalarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.