Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga berilmegi mynasybetli guraldy.
Maslahatda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň belli professor-mugallymlary çykyş etdiler. Çykyşlarda şanly ýylyň taryhy wakalary we olaryň ähmiýeti, şol sanda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda alnyp barylýan giň gerimli işler, barha işjeňleşdirilýän halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, gazanylýan ösüşler barada giňişleýin söhbet etdiler.
Bellenilişi ýaly, «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi 1 müň 41 sany täze iş ornuny döredip, guruljak desgalar mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça oňaýly şertleri döreder.
Hoşallyk maslahatynda ýurdumyzy, şol sanda nebitgaz pudagyny ösdürmek babatda taýsyz tagallalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdyldy.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary maslahatyň täsirliligini has-da artdyrdy.
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti