Şu günler Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda dürli görnüşli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Bu köpugurly çäreler ýakynda ýurdumyzda bolup geçen, nebitgaz pudagyna dahylly wakalar, has takygy, Aşgabatda «Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasynyň arasynda täze şertnama gol çekilmegi, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäginde Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasynyň dabaraly açylmagy, Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini döretmek hakynda Ylalaşygyň baglaşylmagy, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy we ak patasy bilen «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berilmegi mynasybetli guralýar.
18-nji aprelde ýokary okuw mekdebinde «Ýaşasyn türkmen-hytaý dostlugy!» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa uniwersitetiň rektory, professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Aýdym-sazlar bilen utgaşykly dowam eden maslahatda çykyşlara giň orun berildi.
20-nji aprelde bolsa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda agzalan wakalar mynasybetli «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde «Türkmenistan-Hytaý: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri» atly «tegelek stol» duşuşygy geçirildi.
Şeýle-de uniwersitetde «Türkmenistan» teleýaýlymy üçin söhbetdeşlik görnüşindäki gepleşikler ýazgy edilýär. Olara uniwersitetiň halypa mugallymlarydyr talyplary işjeň gatnaşýarlar.
Çeşme: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti