«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmekde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň müdirliklerinde has-da netijeli zähmet çekilýär. Trestiň garamagyndaky müdirlikleriň abatlaýjylary tarapyndan şu ýylyň geçen üç aýynda önüm bermesini kemelden guýularyň 104-siniň deregine 110 sany guýy gaýtadan dikeldilip, nebit çykaryjylara ulanyşa tabşyryldy. Munuň özi bu babatdaky meýilnamanyň 105,8 göterim ýerine ýetirilendigini görkezýär.
Ykdysady görkezijileriň hasabyna tutuş trest boýunça gürrüňi edilýän döwürde goşmaça alnan nebitiň möçberi 24 müň tonna golaýlady. Bu bolsa ösüşiň 161,7 göterimine barabardyr. Şeýle-de ýylyň başyndan bäri goşmaça alnan mawy ýangyjyň möçberi 28 müň kub metre golaý boldy. Ýokary zähmet üstünligine Goturdepe, Barsagelmez, Gamyşlyja guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň goşantlary has-da guwandyryjydyr.
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti