744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
22.04.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji aprelde Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy saparynyň dowamynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler we gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle-de bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz ilki döwrebap şäherdäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen we durky düýpli döwrebaplaşdyrylýan mekdebiň çäginde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

“Bu ýerde ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek üçin dürli gurnaklaryň işi ýola goýulmalydyr. Bu bolsa mekdepde bilim alýan çagalaryň daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmekleri bilen bir hatarda, islän hünäriniň eýesi bolmagynda-da ähmiýetlidir” diýip, Milli Liderimiz nygtady we bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy soňra “akylly” şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyk işlerine, döwrebap binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň ozal beren maslahatlaryndan ugur alnyp, şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdiler. Hususan-da, Arkadag şäheriniň önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalarynyň, şäheriň Arkadag merkeziniň binasynyň içki bezeginde ulanylýan serişdeler, desgalaryň iş otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly şekil taslamalary, binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Täze şäheriň Gün elektrik bekediniň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada maglumat berildi.

Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.

Bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginlerini ýokarlandyrmak, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde şäheriň gurluşyklarynyň depgininiň haýaldygyny we ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine laýyk gelmeýändigini belläp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna nägilelik bildirdi hem-de kemçilikleriň gysga wagtda düzedilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. “Aýratyn-da, şäheriň esasy şaýoly bolan Ahalteke atlary şaýolunyň gurluşygynyň depgini güýçlendirilmelidir we bu ýol tiz wagtda açylyp ulanmaga berilmelidir” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady hem-de ähli meýilleşdirilen işleriň depgininiň we hil derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygy babatda degişli maslahatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz täze şäherde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň uly dabaralara beslenmelidigini, baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýtdy. Şanly sene mynasybetli bagtyýar maşgalalara täze jaýlaryň açarlarynyň gowşuryljakdygy, ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda türkmen atşynaslygynyň milli ýörelgelerini giňden wasp edýän telegepleşikleriň taýýarlanylmagy, oňa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň işjeň gatnaşmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigi bellenildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy öz çägini barha giňeldýän täze şäherde geljekde oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň gurluşygynyň meýilleşdirilýändigini we bu ugra degişli meseleleriň içgin öwrenilýändigini belläp, bu işleriň Arkadag şäheriniň medeni-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi