744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
22.04.2026
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Gazagystana bardy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. 21-nji aprelde Aşgabat Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soňra, Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Astananyň sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow hem-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana iş sapary dowam edýär.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi