Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 22-nji aprelde geçirilen birža söwdalarynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerine-de isleg bildirildi.
Hususan-da, daşarky bazarda Gongkongyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-600” kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar. Şeýle-de olar ýerli işewürlerden nah ýüplügi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Türkiýäniň işewürleri bolsa ýurdumyzyň telekeçilerinden 1-nji hilli bugdaý ununy satyn aldylar.
Içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP Z 30 G” kysymly polipropileni satyn aldylar. Olar “Türkmenpagta” döwlet konserninden pagta süýümini satyn almak barada hem geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 77 million 315 müň manada we 2 million 333 müň 880 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.