744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
23.04.2026
Hormatly Prezidentimiz AHHG-nyň mejlisinde Türkmenistanyň teklipdir başlangyçlaryny beýan etdi

22-nji aprelde Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň Astanada geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çuň many-mazmunly çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Türkmenistanyň Aral meselesi bilen bagly alyp barýan işleri barada durup geçip, AHHG-nyň işini has-da kämilleşdirmek, bu ugurda sebitiň ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmek meselesine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz şu gezekki sammitiň dünýädäki geosyýasy ýagdaýlaryň ýeňil bolmadyk şertlerinde geçýändigini aýdyp, esasy maksadyň Merkezi Aziýa ýurtlary we olaryň halklary üçin örän möhüm bolan meseleleriň ikinji derejä geçirilmezligini gazanmakdan ybaratdygyny belledi. Araly halas etmek, onuň geljegi, deňziň ýakasynda ýaşaýan adamlaryň ykbaly ýurtlarymyzyň syýasy we ahlak jogapkärçiligi bolup durýar. Şol bir wagtda ol ykdysady, maliýe, guramaçylyk serişdelerini, wajyp ekologiýa, durmuş, ynsanperwer meseleleri çözmek üçin döwletlerdir halkara hyzmatdaşlaryň diplomatik tagallalaryny herekete getirmek hem-de ulanmak bilen bagly umumy borçdur. Şoňa görä, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäginde gaznanyň amaly wezipelerinde jogapkärçilikli we maksada okgunly ünsi jemländigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji we 2019-njy ýyllarda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalaryň, 2023-nji ýylyň maýynda BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş geňeşi tarapyndan «BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerine seretmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek, Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň 4-nji tapgyrynyň işlenip taýýarlanylmagy ýaly ýurdumyz tarapyndan dürli ýyllarda teklip edilen başlangyçlara aýratyn üns çekildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň sebitleýin ekologiýa meselesi babatda halkara tagallalaryň logiki dowamy hökmünde BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş edendigini aýdyp, ýakyn wagtda onuň Aşgabatda hereket edip başlajakdygyny, ýurdumyzyň Hökümetiniň bu düzümiň işine ýakyndan ýardam berjekdigini belledi. Aral meselesine çölleşme, buzluklaryň eremegi, serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak ýaly beýleki wajyp ekologik soraglardan üzňe seretmek bolmaýar. Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyz ekologik howpsuzlyk bilen bagly meselä Merkezi Aziýada durmuş hem-de ykdysady abadançylygy üpjün etmäge degişli umumy wezipeler bilen bitewülikde we bölünmezlikde seretmegiň möhümdigini aýratyn nygtady.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň halkara düzümler, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarydyr agentlikleri bilen özara gatnaşyklaryny hil taýdan ýokary derejä çykarmak üçin Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikde AHHG-nyň we Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşlygy mowzugy boýunça Baş Assambleýanyň täze Kararnamasyny işläp taýýarlamak meselesine seretmegi teklip etdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi