Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde, 22-nji aprelde Astanada Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Sebitleýin ekologiýa sammitiniň geçirilýän ýerinde — “EXPO” halkara sergiler merkezinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Ýokary derejeli duşuşyga köp sanly döwlet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri çagyryldy.
Sammitiň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylary “RES 2026 EXPO” halkara sergisi bilen tanyşdylar. Astana şäherinde Sebitleýin ekologiýa sammiti bilen utgaşyklylykda geçirilýän bu sergi Merkezi Aziýanyň «ýaşyl» geljeginiň tehnologik gözden geçirilişine öwrüldi. Türkmenistan hem «RES 2026 EXPO» halkara sergisinde milli pawilýonyny gurnady. Ýurdumyzyň wekili belent mertebeli myhmanlary pawilýon bilen tanyşdyrdy.
Sergi bilen tanyşlykdan soňra, wekiliýet ýolbaşçylary “Durnukly geljek barada umumy garaýyş” mowzugynda guralýan Sebitleýin ekologiýa sammitiniň plenar mejlisiniň geçiriljek ýerine — Kongresler merkezine bardylar. Bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, plenar mejlis öz işine başlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitdäki çuň many-mazmunly çykyşynda Türkmenistanyň degişli ugurdaky tagallalaryny, başlangyçlarydyr tekliplerini beýan etdi.
Sammitiň netijeleri boýunça «Merkezi Aziýada ekologiýa raýdaşlygy» atly ekologiýa we durnukly ösüş babatda sebitleýin hyzmatdaşlyk hakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Jarnamasy kabul edildi.
Günüň ikinji ýarymynda bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Akorda” köşgünde Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Mejlisde eden çykyşynda döwlet Baştutanymyz Aral meselesi bilen baglylykda Türkmenistanyň başlangyçlarydyr tekliplerini öňe sürdi.
Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi. Şolaryň hatarynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Astana Beýannamasy; Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Prezidentini saýlamak hakynda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi; Gazagystan Respublikasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň netijeleri hakynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi; 26-njy marty Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni diýip yglan etmek hakynda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi bar.