744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
23.04.2026
Astanadaky Sebitleýin ekologiýa sammitinde Türkmenistanyň garaýyşlary öňe sürüldi

22-nji aprelde Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Kongresler merkezinde döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, bilermenlerdir ekologlaryň gatnaşmagynda «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammiti (RES 2026) öz işine başlady. Onuň plenar mejlisiniň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem çykyş edip, ekologiýa ýaly möhüm ugurda sebit gün tertibi babatda Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda häzirki forumda ilkinji gezek biziň ýurtlarymyzyň ýokary döwlet derejesinde giňişleýin ekologiýa gün tertibini ara alyp maslahatlaşýandyklaryna ünsi çekip, munuň oňa gatnaşýan döwletleriň ählisiniň daşky gurşawy goramagyň, howanyň üýtgemeginiň hem-de onuň bilen bagly durmuş adalatlylygy ýaly möhüm meseleleri çözmekde has netijeli, ulgamlaýyn we geljegi uly çemeleşmelere geçmäge taýýardyklaryny görkezýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda hemmeleriň wajyp ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdyp, howanyň üýtgemegi, suw serişdeleriniň azalmagy, ýerleriň zaýalanmagy, çölleşme hadysasynyň çaltlaşmagy, biodürlülige zeper ýetmegi, ýaşamak üçin amatsyz ýerlerde migrasiýa hadysasynyň ösmegini şolara mysal hökmünde görkezdi. Şeýle şertlerde ýurtlaryň tagallalaryny utgaşdyrmak, olaryň halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiz döwletleriň çäginde BMG-niň ýöriteleşdirilen sebit merkezlerini döretmegiň şeýle özara hereketleriň möhüm gurallarynyň biri bolup çykyş edýändigini nygtap, Türkmenistanyň şu sammitde howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmegi teklip edýändigini aýtdy. Şu işde sebitiň taryhy däplerini, milli aňyýetini we garaýyşlaryny, tebigata, suwa, topraga, haýwanat dünýäsine aýawly çemeleşmek baradaky köpasyrlyk tejribelerini göz öňünde tutmak zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz serhetýaka suw serişdelerini oýlanyşykly we adalatly peýdalanmagyň aýratyn ünsi talap edýän meseledigini aýdyp, şu babatda Türkmenistanyň resmi garaýşyny mälim etdi. Ýurdumyzyň Hazarýaka döwletleriň hataryna girýändigi bilen baglylykda, çykyşda Hazar deňziniň ekologiýasyny goramak saklamak boýunça BMG-niň münberinden beýan edilen başlangyçlar barada-da durlup geçildi.

Hormatly Prezidentimiz Aral deňzi meselesiniň hem wajyp mowzuklaryň biri bolmagynda galýandygyny belläp, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Araly halas etmäge gönükdirilen bilelikdäki işler boýunça zerur çözgütleriň kabul ediljekdigine ynam bildirdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi