744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
24.04.2026
Petronas nebit tehnologik institutynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaými Bin Ahmad Tajuddin hem-de «Petronas Çarigali (Türkmenistan)» kompaniýasynyň we Petronas nebit tehnologik institutynyň wekiliýeti bilen duşuşdy. 22-nji aprelde geçirilen duşuşykda nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi esasy ugur hökmünde kesgitlenildi.

Duşuşygyň barşynda tehniki orta hünär okuw mekdepleriniň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň Petronas kompaniýasynyň garamagyndaky bilim edaralary we ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

"Petronas" kompaniýasynyň wekilleri hyzmatdaş ýurtlar bilen diňe bir gazylyp alynýan tebigy baýlyklar babatda däl-de, şol ýurtlarda adam maýasyny ösdürmäge hem goşant goşmaga ymtylýandyklaryny aýtdylar.

Taraplar, hususan-da, Petronas tehnologiýa uniwersiteti (Universiti Teknologi PETRONAS), Petronas nebit tehnologiýa instituty, «Alam” deňiz bilimi akademiýasy bilim edaralary hem-de «Petronas Leadership Centre», «Yayasan Petronas», «Petrosains» bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen "Petronas" kompaniýasynyň we onuň Tehnologiýa uniwersitetiniň arasyndaky Ähtnamanyň çäklerinde türkmenistanly mugallymlardyr talyplar her ýyl Petronas tehnologiýa uniwersitetine hünär bilimini ýokarlandyryş okuwlaryna iberilýär.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi