744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
24.04.2026
Türkmenistan nebit önümleriniň we beýleki ýükleriň daşalmagy boýunça halkara foruma çagyryldy

Türkmenistanyň ýük daşamak, uglewodorod eksporty boýunça wekilleri hem-de logistika ugurlarynda işleýän kompaniýalary we hünärmenleri 14-15-nji maýda Gruziýanyň Batumi şäherinde geçiriljek «Argus Black Sea and Caspian Key Terminals and Logistics» atly halkara maslahata gatnaşmaga çagyryldy. Bu barada "Türkmeniň ýüpek ýoly" gazetinde habar berildi.

Habarda bellenişi ýaly, bu çäre Gara deňiz, Hazar deňzi hem-de Merkezi Aziýa sebitlerinden ýük eýelerini, eksportçylary, ulag kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny, logistika operatorlaryny we treýderleri öz içine alýan 170-den gowrak gatnaşyjyny birleşdirer.

Maslahat üç esasy ugry öz içine alar: gury ýükleriň daşalmagy, nebit we nebit önümleriniň daşalmagy, şeýle hem konteýner daşamalary. Gün tertibine terminal infrastrukturasynyň ösdürilmegi, nebiti Gara deňziň ugry boýunça eksport etmek, dökünleriň, kükürdiň we oba hojalyk önumleriniň logistikasyny guramak, şeýle hem demir ýol we port infrastrukturasyna maýa goýumlar ýaly meseleler girizildi.

"Forumyň aýratynlygy hökmünde Gruziýanyň iri logisti­ka desgalaryna, şol sanda «Poti Trans Terminal» konteýner terminalyna, Poti portundaky mineral dökünleri gaýtadan ýüklemek boýunça multimodal terminala hem-de «Petrocas Energy Group» nebit terminalyna gezelençler guralar" diýlip, habarda aýdylýar.

 

Çeşme: "Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti