744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
24.04.2026
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» forumyna hasaba alyş işleri başlandy

Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy. Bu forum şu ýylyň 21 – 23-nji oktýabry aralygynda paýtagtymyzda geçiriler.

«Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary bilen geçiriljek forum dünýä energetika pudagynyň öňdebaryjy wekillerini, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny, maýadarlary, maliýe institutlaryny we tehnologiýa üpjün edijilerini bir ýere jemläp, halkara energetika hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge gönükdiriler.

Forum 2025-nji ýylda geçirilen XXX halkara OGT maslahatynyň gazanan üstünlikleriniň dowamy bolar. Şol forumda dünýäniň 70 ýurdunyň 1400-den gowrak wekili, 100-den gowrak sergä gatnaşyjy kompaniýa hem-de 80-den gowrak ýokary derejeli çykyş edijiler hasaba alnypdy.

Bu gezekki maslahatyň gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biri dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käni barada bolar. Forumyň maksatnamasy boýunça «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi, TOPH gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegi, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki taslamalar, şeýle hem önümçilik we ulag infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem energiýa serişdeleriniň netijeli ulanylmagy, ýokary goşmaça gymmatly önümleri öndürmek, eksport ugurlarynyň diwersifikasiýasy ýaly ugurlara aýratyn üns berler. Metan zyňyndylaryny azaltmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, uglerody tutmak we saklamak tehnologiýalary, wodorod energetikasy hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri giňden ara alnyp maslahatlaşylar.

Forumyň çäklerinde ýokary derejeli plenar mejlis, ministrler derejesindäki «tegelek stol» duşuşyklary, çekişmeler, maýa goýum sessiýalary hem-de 100-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagynda halkara sergi geçiriler. Şeýle hem B2B we B2G duşuşyklaryna aýratyn ähmiýet berler.

Foruma gatnaşmak üçin hasaba ýazylmak we goşmaça maglumat almak isleýänler onuň https://www.ogt-turkmenistan.com/tk web sahypasyna ýüz tutmaly.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti