744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
24.04.2026
Watandaşlarymyzyň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at berildi

23-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň birnäçe raýatlary milli baýlygymyz we guwanjymyz, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, türkmen atlarynyň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda, kämilleşdirmekde gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmeti, hünär ussatlygy nazara alnyp, agzalan hormatly at bilen sylaglandy.

Düýn S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XVIII halkara ylmy maslahatyň çäklerinde hormatly ada mynasyp bolan watandaşlarymyzy sylaglamak dabarasy boldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi