744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
25.04.2026
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 24-nji aprelde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýurduň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunda degişli teklipler esasynda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Gümrük kodeksine, başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, şeýle hem döwletiň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça netijeli işleriň geçirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra wise-premýerler­ öz gözegçilik e­dýän ulgamlarynda aln­yp barylýan işler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, öňde boljak­ çärelere görülýän taýýarlyk işleri barad­a hasabatlary berdile­r.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlar­y diňläp, garamagyna hödürlenilen teklipleri makullady we d­egişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we ähli halkymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza bu baýramçylyk mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi