Türkmenistanda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada 24-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanowyň hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konserniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň, hususan-da, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek, önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly zerur işler amala aşyrylýar. Bu işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi önümçilik desgalaryny döwrebap enjamlar bilen üpjün etmäge, önümçilik tapgyrlaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak babatda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.