744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
25.04.2026
Özbegistanyň işewürleri Türkmenistandan nebit önümlerini satyn aldylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilýän söwdalaşyklarda 24-nji aprelde ýurdumyzyň nebitgaz we gurluşyk senagatynyň önümlerine isleg bildirildi.

Has takygy, birža söwdalarynyň barşynda daşarky bazarda Özbegistanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserninden «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar. Şeýle hem olar portlandsementi satyn almak barada ýerli işewürler bilen geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 16 million 563 müň amerikan dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy