Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde we onuň Balkanabat bölüminde “Açyk gapylar” güni geçirildi. Bu çäre orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin guraldy. Oňa orta mekdepleriň okuwçylary has işjeň gatnaşdylar.
“Açyk gapylar” gününde okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlara hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň uniwersitetde durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler barada gürrüň berildi.
Şeýle-de ýaşlar uniwersitetde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri, okamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen okuw we tejribe otaglary, maglumat tehnologiýalary merkezi, sport toplumy, ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşdylar.