Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 25-nji aprelde geçirilen söwdalaşyklarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerine isleg bildirildi.
Has takygy, içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni we “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 427 million manada deň bolan 9 geleşik baglaşyldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy