744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
27.04.2026
Tatarystanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowdan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag haty gelip gowuşdy. Dostlukly ýurduň Baştutany iberen hatynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimize we halkymyza tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan edýär.

Hatda aýdylyşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygar astynda geçýär. Munuň özi türkmen döwletliliginiň Garaşsyzlyk hem-de baky Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýandygyny alamatlandyrýar.

— Biziň halklarymyzy ynsanyň wepaly hemrasy hökmünde bedewe belent sarpa goýmak ýörelgeleri birleşdirýär. Ahalteke tohumy biziň respublikamyzyň atçylyk sporty medeniýetinde aýratyn orny eýeleýär. Tatarystan behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň Russiýadaky esasy merkezleriniň birine öwrüldi. Bu bedewleriň gözelligi hem-de çydamlylygy Kazanyň aýlawlarynda geçirilýän at çapyşyklaryna müňlerçe tomaşaçyny ýygnaýar — diýip, Rustam Minnihanow gutlag hatynda belleýär.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi