Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi. Baýramçylygyň öň ýanyndaky günde, 25-nji aprelde hem Aşgabat atçylyk sport toplumynda dabaralar geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Şol gün bu ýerde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Ilki Aşgabat atçylyk sport toplumynyň öňünde meşhur ahalteke bedewi Pyýadanyň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy.
Soňra baýramçylyk mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin, bu ýere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geldi. Döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar. Dabara daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, belli atşynaslar, atçylyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler hem gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Arkadag we Aşgabat şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň sergi diwarlyklaryny synlady.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli döwlet Baştutanymyza Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Gözbaş, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Sumbar, Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Şabat, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Jeýhun, Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Marguş, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Nusaý, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan Mertebeli atly ajaýyp bedewler sowgat berildi. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan bolsa hormatly Prezidentimize Gaýratly atly bedew sowgat berildi.
Bu ýerde ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan döwlet Baştutanymyza Arkahan, Gahryman Arkadagymyza Daghan atly ahalteke bedewleri sowgat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyza sowgat berlen Daghan atly bedewiň boýnuna Ogulabat enäniň örüp miras goýan alajasyny, Arkahan atly bedewiniň boýnuna bolsa käbesi Ogulgerek ejäniň ören alajasyny daňdy.
Soňra bu ýerde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onda «2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli, 2018-nji ýylda doglan, Hanbegler we Okgyz diýen bedewleriň nesli bolan, meşhur Gaplaňyň ugruna degişli Hankerwen diýen mele at mynasyp boldy.
Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, ak reňkli «Toyota Fortuner» kysymly ýeňil awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.
Bu ýerde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen uzak aralyga atly ýöriş bäsleşiginiň hem-de bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem boldy. Şeýle-de ahalteke atlarynyň tebigy özüne çekijiligini, gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyza ajaýyp haly eseri sowgat berildi.
Şol gün Aşgabat atçylyk sport toplumynyň çäginde baýramçylyk mynasybetli toý sadakasy hem berildi.
26-njy aprelde bolsa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar, sergiler, baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi