744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
27.04.2026
Geçen hepde nebitgaz senagatynyň önümlerini daşarky we içerki bazarlarda satyn aldylar

Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümlerine islegler yzygiderli artýar. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda bu pudagyň önümlerine daşarky we içerki bazarlarda isleg bildirilmegi-de munuň şeýledigini tassyklaýar.

Birža söwdalarynda geçen hepdäniň dowamynda geleşikleriň 28-si hasaba alnyp, şolaryň hatarynda nebitgaz senagatynyň önümlerini satyn almak bilen bagly geleşikler hem bar.

Hususan-da, daşarky bazarda Hytaýyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy daşary ýurt pulunda satyn aldylar. Şeýle-de Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň telekeçilerine portlandsement, jins önümleri, nah ýüplük, bugdaý uny ýerlenildi.

Içerki bazarda jemi bahasy 529 million 835 müň manada deň bolan tehniki kükürdi (“Türkmengaz” döwlet konserni), polipropileni we nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), çig ýüpegi, pagta süýümini satyn aldylar.

Çeşme: "Türkmenistan" gazeti