744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
28.04.2026
«PETRONAS» nebitgaz kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna 30 ýyl dolýar

Şu ýyl Malaýziýanyň nebitgaz ulgamynda uly iş tejribesi bolan «PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna 30 ýyl dolýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Malaýziýanyň Aşgabatdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen 27-nji aprelde bolan duşuşygynda nygtaldy.

Duşuşykda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň hem netijeliligi tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, türkmen talyplarynyň ýüzlerçesi Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda nebitgaz ugry boýunça hem, döwrebap bilim alýarlar. «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň çäklerinde «Petronas» Tehnologik uniwersiteti bilen netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar. Ýurdumyzyň hünärmenleri Malaýziýanyň tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň ugry boýunça okuw maslahatlaryna we seminarlaryna gatnaşýarlar.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.

Diplomatlar öňde boljak ýokary döwlet we hökümet derejesindäki duşuşyklar bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi