Türkmenistanda gaýtadan işleýän senagatyň geljegi
Tebigy serişdeleri gaýtadan işläp, olary dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanýan önüme öwürmekde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işleri aýratyn ähmiýete eýedir.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Türkmenbaşy şäherinde gurulmagynyň çuňňur strategik ähmiýeti bardyr. Bu ýerde deňiz ýollary ýakynda ýerleşýär we öndürilen önümleri bökdençsiz ibermekde kuwwatly port infrastrukturasyndan peýdalanmaga oňaýly mümkinçilik döreýär.
Bu zawodlar toplumynyň ýurdumyz üçin ykdysady ähmiýeti uludyr. Toplum döwlet býujetine daşary ýurt walýutasyndaky girdejileriň gelmegini üpjün etmek bilen bir wagtda energetika, gurluşyk, saglygy goraýyş ulgamlary ýaly pudaklar üçin möhüm binýady döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, soňky onýyllyklaryň dowamynda bu ýerde Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk taslamalar amala aşyrylýar. Toplumyň düzümlerinde ýangyç serişdeleri bilen birlikde ýod, polietilen, polipropilen ýaly önümler öndürilýär.
Zawodlar toplumynyň öndürýän önümleri, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň, şeýle hem Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň önümleri bilen birlikde uly islegden peýdalanýar.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti