744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
28.04.2026
Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz top­lu­mynda maslahat geçirildi

Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz top­lu­mynyň merkezi binasynda «Ornuňyz tördedir, sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr, mährem zenanlar» atly maslahat ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi, «Türk­men­ne­bit» we «Türkmen­gaz» döw­let kon­sern­le­ri­niň, «Türk­men­geo­lo­gi­ýa» döwlet korporasiýasynyň ilkinji zenanlar guramalary tarapyndan guralan çärä degişli toplumyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlar, Ýagşy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary, mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmagyň, ene-mamalarymyza, gyz-gelinlerimize sarpaly garamagyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän döwlet syýasatynda ileri tutulýan esasy ugurlaryň biri bolup durýandygyny nygtadylar. Maslahatyň dowamynda eziz enelerimiziň, edep-ekramyň nusgasy hasaplanýan gülden näzik gelin-gyzlarymyzyň bagtyýar durmuşy, hukuklary, saglygy, çaga terbiýesi, gaýyn-gelin gatnaşyklary, gender deňligi, enäniň we çaganyň saglygyny goramak barada alnyp barylýan işler giňden beýan edildi. Şeýle hem zenanlaryň döwlet dolandyryşynda, jemgyýetçilik we syýasy durmuşda tutýan ornuny berkitmek, olaryň ylymda, bilimde, zähmetde başarnyklaryny artdyrmagyna ýardam bermek, nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde zenanlaryň eýeleýän möhüm ornuny pugtalandyrmak barada pikir-garaýyşlar aýdyldy.

Çärede «Garaşsyz, baky Bitarap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-myradyň mekany» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen döwletimizde eneligi we çagalygy goldamak maksady bilen döredilýän mümkinçilikler, döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, bu babatda BMG-niň dü­züm­le­ri bo­lan ÝU­NES­KO, ÝUNISEF we beýleki guramalar bilen durmuşa geçirilýän halkara hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, çykyşlarda maşgala medeniýetiniň kämil derejä ýetirilmelidigi, tertip-düzgüniň mydama gözegçilikde saklanylmalydygy, millilige aýratyn ähmiýet berilmelidigi bellenildi. Şeýle hem maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde nebitgaz senagatynyň giň gerimde ösdürilişi barada çykyşlar diňlenildi.