744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
29.04.2026
Owganystanyň telekeçileri Türkmenistandan nebit önümini satyn aldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 28-nji aprelde geçirilen söwdalaşyklarda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň önümlerine daşarky bazarda isleg bildirdiler.

Hususan-da, daşarky bazarda Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserninden “SN-600” kysymly başlangyç ýagyny satyn aldylar.

Şeýle-de Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri ýerli işewürlerden çig ýüpegi, Ukrainanyň telekeçileri dokma önümlerini, Türkiýäniň işewürleri bolsa nah ýüplügi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri Dokma senagaty ministrliginden dokma önümlerini satyn aldylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 4 million 406 müň manada we 220 müň 355 amerikan dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy