Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-12-nji synp okuwçylarynyň matematika, himiýa we informatika boýunça ders bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
"Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazetinde habar berilmegine görä, bäsleşik aýratyn ýaryş görnüşinde geçirilip, iki tapgyrdan ybarat boldy. Birinji onlaýn tapgyra Aşgabat we Arkadag şäherinden, şeýle-de welaýatlardan 695 okuwçy gatnaşdy. Netijede, 189 okuwçy 25-nji aprelde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen ikinji, jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.
Ýurdumyzyň nebitgaz ugurly ýokary okuw mekdebinde okuwçylar uniwersitetiň fakultetleri, kafedralary, okuw binasy, ylmy barlaghanalary, muzeýleri we sport toplumlary bilen tanyşdylar.
Bäsleşikde matematika, himiýa we informatika dersleri boýunça uniwersitetde orta mekdepleriň okuw maksatnamasynyň esasynda guramaçy topar tarapyndan taýýarlanylan ýumuşlar hödürlendi. Ballaryň jemi boýunça eminler tarapyndan ýeňijiler belli edildi we olara uniwersitetiň adyndan I, II hem-de III derejeli diplomlar gowşuryldy.
"Ýokary netijeleri görkezen okuwçylara orta mekdebi tamamlanlaryndan soňra okuwy uniwersitetde dowam etdirmek teklip edildi" diýlip, habarda aýdylýar.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti