Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda üstaşyr ýük daşamalaryň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10 göterim ýokarlandy. Bu barada “Argus” baha beriş agentligine salgylanylyp, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň "Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň web saýtynda habar berildi.
Bellenilişi ýaly, bu ösüş Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna baryp gowuşýan türkmen nebitiniň düşürilişiniň möçberleriniň artmagy, şeýle hem Eýrandan ugradylan kükürdiň düşürilişiniň ýokarlanmagy esasynda gazanyldy.
Habarda aýdylmagyna görä, ýylyň birinji çärýeginde türkmen portlarynyň üsti bilen ähli ýükleriň üstaşyr geçirilmegi ýyllyk hasapda 23 göterim artdy. Bu görkezijiniň ýokarlanmagy Garabogaz şäherinden karbamidiň ugradylmagynyň we Ekerem port nokady arkaly suwuk ýükleriň geçirilmeginiň ýokarlanmagy bilen bagly. Mart aýynda kükürdiň Eýran ugrundan Azerbaýjana, soňra bolsa Gruziýanyň Gara deňiz portlaryna — Poti we Batumi şäherlerine gönükdirilmegi bu önümiň üstaşyr geçirilmegini artdyrdy. Gara deňiz sebitinde kükürdiň bahalarynyň 35 göterim ýokarlanmagy bu önümiň daşalmagyna goldaw berýär.
"Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Hazar deňzindäki iň uly we iň döwrebap portlaryň biridir. Portuň infrastrukturasyna ýolagçy-parom terminaly, konteýner terminaly, umumy ýükler terminaly, ürgün ýükler terminaly we polipropilen terminaly girýär" diýlip, çeşmede bellenilýär.
Çeşme: Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň "Balkan" gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody