744036, Türkmenistan, Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 56-njy jaýy
TM RU EN
"TÜRKMENGAZ" DÖWLET KONSERNI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
29.04.2026
Aşgabatda geçirilýän sergide türkmen-hytaý energetika hyzmatdaşlygy hem şöhlelendirilýär

Düýn Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady.

Sergide türkmen-hytaý energetika hyzmatdaşlygy hem şöhlelendirilýär. Foruma ýangyç-energetika toplumynda iş alyp barýan Hytaýyň birnäçe kompaniýalarynyň gatnaşmagy olaryň geljegi uly türkmen bazarynda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiklerini görkezýär. Şolaryň birnäçesi elektroenergetikanyň adaty we gaýtadan dikeldilýän ugurlarynda durmuşa geçiren taslamalary bilen diňe bir Hytaýda däl, eýsem, dünýäde iň iri kompaniýalaryň hatarynda tanalýar.

Hytaýyň işewür wekilleriniň birnäçesi gaz we nebithimiýa toplumlaryny gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça öňdebaryjy çözgütleri bilen sergä gelýänleri tanyşdyrýarlar. Birnäçe kompaniýalar ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, olaryň möçberlerini anyklamak boýunça tehnologiýalaryň, buraw işi üçin zerur bolan enjamlaryň we tehnikalaryň üpjünçiligi bilen bagly hyzmatlaryny hödürleýärler.

Sergide soňky ýyllarda depginli ösdürilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryna bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.

Ýangyç-energetika pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýatlaýyn ugry bolup durýar. Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyny belläp geçmegi bu pudagyň strategik ähmiýetini tassyklaýar. Ýakynda paýtagtymyzda bu senä gabatlanyp halkara ylmy-amaly maslahat, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi, dürli ugurlara degişli döwletara resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine dabaraly ýagdaýda badalga berilmegi bu möhüm ugurda ýurtlarymyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge berk ygrarlydyklarynyň nobatdaky nyşanyna öwrüldi. Energetika ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy diňe bir iki ýurduň ykdysady bähbitlerine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebit we dünýä derejesinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge-de goşant goşýar.

Serginiň giň meýdançasynda gurnalan 70-den gowrak diwarlykda Hytaýyň köpugurly döredijilik hem-de innowasion mümkinçilikleri giňişleýin tanyşdyrylýar.

Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika, söwda, maliýe we ykdysadyýet, oba hojalyk, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk toplumlarynyň, ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň iri hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda taraplar gyzyklanma bildirilýän ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn esasda ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi